2 October 2026
2026/09/24 - 17:43

Eýranda täze okuw ýylynyň başlanmagy

Mehr aýynyň 1-ne (23-nji sentýabr) Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň garamagyndaky “Hekim Omar Haýýam” adyndaky mekdepde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan çäre geçirildi.

Dürli synplaryň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu çärede Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ali Mojtaba Ruzbehani bu ýere ýygnananlary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gutlap, okuwçylara bilim we terbiýe bermegiň, başarnyklar öwretmegiň ähmiýetini nygtady.

Ol şeýle hem Amerikanyň we sionistik Ysraýyl režiminiň jenaýatçylykly agressiýasy netijesinde şehit bolan ähli mekdep okuwçylarynyň, şol sanda Minab şäherindäki “Şäjäreýe Taýýebe” mekdebiniň 168 okuwçysyny hatyralady.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است