28 March 2026
2026/03/02 - 16:42 View: 102

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň beýannamasy

Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň beýannamasy

 ABŞ we sionistik režimiň basyp alyjy goşunynyň Eýran Yslam Respublikasyna garşy harby agressiýasynyň dowamynda, EYR-nyň Beýik lideriniň öýi basyp alyjy güýçleriň terrorçylykly hüjümine sezewar boldy we onuň netijesinde Hezreti Aýatolla Hamenei we onuň maşgala agzalarynyň birnäçesi şehit boldular.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Amerikanyň we sionistik režimiň terrorçylykly we jenaýatçylykly bu hereketini ýazgarmak bilen birlikde, bu hadysada pida bolan şehit bolanlar we aradan çykanlar üçin Eýranyň milletine, ähli musulmanlaraa we dünýädäki ähli azatlyk söýüji ynsanlara öz gynanjyny bildirýär.

 Eýran bilen Amerikanyň arasynda diplomatik gepleşikleriniň dowam edip duran wagty ABŞ-nyň we sionistik režimiň edýän terrorçylykly we jenaýatçylykly hereketleri, Yslamy Eýranyň beýik Ruhy Lideriniň şehit edilmegi, şeýle hem ýokary derejeli harby ýolbaşçylarynyň birnäçesiniň we köpsanly bigünä eýran raýatlarynyň terror edilmegi, şolaryň hatarynda  160-dan gowrak mekdep gyz okuwçylarynyň wahşyçylyk bilen öldürilmegi – ähli moral we ynsanlyk kadalaryna ters gelýän we Halkara düzgünlerini we ýörelgelerini gödek bozmakdyr. Şeýle agressiw hereketler dünýä gatnaşyklarynda zorluga daýanýan agalygyň we eden etdilikli güýjiň öňüniň alynmagy üçin ähli ýurtlar, halkara düzümleri we guramalary tarapyndan hökmany ýagdaýda ýazgarylmalydyr.

متن دیدگاه
نظرات کاربران
تاکنون نظری ثبت نشده است